Bilmek Gyzykly
“SPA persona” žurnaly: dünýädäki iň üýtgeşik howuzlar Siz ýüzmegi gowy görýän bolsaňyz we düýbünden üýtgeşik bir zat görmek isleseňiz, SPA persona žurnaly sizi dünýäniň iň üýtgeşik howuzlaryna göz aýlamaga, belki-de olary görmäge çagyrýar. Dynç alyşlaryny her ýyl şol bir ýerde geçirmekden ýadan bolsaňyz, täze we ajaýyp bir zat isleýänler üçin “SPA persona” žurnaly dünýäde iň üýtgeşik howuzlary saýlady. Dünýäde iň tebigy howuz: Şweýsariýadaky açyk howuz Şweýsariýanyň “Cambrian” myhmanhanasy diňe bir bezeginde ýerli gelip çykyşy bolan tebigy materiallaryň ulanylmagy bilen çäklenmän, eýsem açyk termal howuzly kaşaň spa bilen hem meşhurdyr.